RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Ýan

BELARUS RESPUBLIKASYNDA OKAÝAN TÜRKMEN TALYPLARY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Minsk şäheriniň döwlet Lingwistiki uniwersitetinde Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogiki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşygyň işine 2019-njy ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda Belarus Respublikasynda iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasaryndan we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktoryndan d...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...

DOWAMY
pic
17 Ýan

Maýa goýum — Türkmenistanyň innowasiýa ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy şerti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum syýasaty ykdysadyýetiň ýokary ösüş depginleriniň we netijeliliginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir. Bu ugurda öňde durýan wezipeleri çözmek hem-de bazar gatnaşyklaryny öňe ilerletmek, halk hojalyk toplumyny düzümleýin özgertmek, ählumumy söwda, ylmy-tehniki we ykdysady gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan täzeçil usullary pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýasyny çekmek işiniň ähmiýeti barha ýokarlanýar. ...

DOWAMY
pic
16 Ýan

Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu ýerde geçirilen çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 — 2020-nji ýyllar üç...

DOWAMY
pic
16 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BGG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Bütindünýä Gümruk Guramasynyň Baş sekretary Kuniýo Mikuriýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy, Guramanyň Baş sekretaryny ýetip gelýän Halkara gümruk gullugynyň güni bilen, şeýle hem, onuň 2009-njy ýyldan bäri işleýän Baş sekretar wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady. Soňra, taraplar Türkmenistan bilen BGG-nyň arasyndak...

DOWAMY
pic
15 Ýan

GERMANIÝANYŇ GANNOWER ŞÄHERINDE «DOMOTEX 2019» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ HALY ÖNÜMLERINIŇ GÖRKEZILIŞI

2019-njy ýylyň 11-14-nji ýanwary aralygynda GFR-niň Gannower şäherinde haly önümleriniň we pol örtükleriniň 31-nji ýöriteleşdirilen halkara «DOMOTEX-2019» sergisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Tutuş dünýäde mälim bolan we Ýewropada irileriň arasynda ýer alan «DOMOTEX-2019» sergisiniň guramaçysy «Deutsche Messe АG» sergi-ýarmarka kompaniýasy bolup, bu sergi 1989-njy ýyldan bäri her ýylda geçirilýär we dünýäde halylaryň, parketleriň hem-...

DOWAMY
pic
14 Ýan

TÜRKMEN WEKILIÝETI “MERKEZI AZIÝA – HINDISTAN” ATLY DIALOGYNYŇ BIRINJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 12-13-nji ýanwarynda Samarkand şäherinde (Özbegistan Respublikasy) “Merkezi Aziýa – Hindistan” atly Dialogynyň daşary işler ministrleriniň derejesindäki birinji duşuşygy geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hindistanyň, Owganystanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda özarabähbitli hyzm...

DOWAMY