SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Ilçisiniň Ermenistan Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýet...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE FRANSIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Fransiýanyň wekiliýetine Fransiýanyň Ýewropa we Daşary işler ministrliginiň kontinental Ýewropa ýurtlary boýunça müdirliginiň başlygy hanym Florans Manžen ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň başynda taraplar Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwlet baştu...
Türkmenistanyň Prezidentiniň döredijilik strategiýasy täze neşirlerde öz beýanyny tapýar
Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany geçen ýylyň dördünji çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşynyň möhüm wakalarynyň synyna bagyşlanýar. Neşir däp bolan umumy sözbaşy bilen açylýar. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň ýokary derejedäki ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary we gepleşikleri beýan edilýär. Şolaryň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ENERGETIKA HARTIÝASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen, Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar, 2008-nji ýylyň 19-njy dekabryndan bäri ýola goýulan, Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly soraglaryň hataryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, 2017-nji ýylyň 28-nji...
Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary
Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň önümleri Türkmenistanyň sergisiniň bezegine öwrüldi. Nepis we seýrek önümleriň 15 müňden gowragyna wekilçilik edýän elde dokal...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝAPON WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “ITOCHU Corporation” kompaniýasynyň Wise-prezidenti we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy jenap Ýoiçi Kobaýaşiniň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, aýratyn hem ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini bell...
Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi
Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň kazylarynyň I maslahaty geçirildi. Oňa Ýokary kazyýetiň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleri, welaýat, şäher we etrap kazyýetleriniň kazylary gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipeleri girizildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň parasat...