RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Ýan

Ýerli çig maldan portland sement öndürilip başlandy

Türkmen himiýaçylary ýerli çig maly – demir oksidini ulanyp sulfatdurnukly (portland) sement almagyň usulyny işläp taýýarladylar. Sementiň bu görnüşi tebigy ýagdaýlara, şeýle hem agressiw himiki maddalara durnuklydyr, şonuň üçinem gurluşykda tapylgysyzdyr. Adatça, ol suwasty we ýerasty massiwler betonlananda ulanylýar. “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, Balkan sement zawodynda eýýäm ýerli çig maldan sulfatdurnukly sement önümçiligi özleşdirildi. Onuň ilkinj...

DOWAMY
pic
21 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ FILIPPINLER RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) Gurbanmämmet Elýasow  Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Filippinler Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlary...

DOWAMY
pic
21 Ýan

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipr...

DOWAMY
pic
20 Ýan

BÜTINDÜNÝA SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ŽENEWADAKY ŞTAB-KWARTIRASYNDA GURAMANYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞIŇ 144-NJI MEJLISINIŇ ÇARÇUWASYNDA MAGLUMAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çarçuwasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň ýolbaşçylygynda maglumat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga agza ýurtlaryň wekiliýetleri, halkara guramalarynyň wekilleri, şeýle hem Ženewada akkreditirlenen Ilçiler we Hemişelik wekiller gatnaşdylar. Gatnaşyjylar guramanyň ag...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestr we tanymal aýdymçy-sazandalar türkmen kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler

“Türkmenistan” kinokonsert merkezinde “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygaryna bagyşlanan konsert boldy. Medeniýet ministrliginiň gurnan tematiki çäresinde dogduk diýara we halkymyza söýgi owazlarda beýan edildi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň sazandarlygynda belli sazandalar we aýdymçylar çykyş etdiler.  Konserti tanymal skripkaçy, Türkmenistanyň halk artisti Gasan Mämmedow açdy,ol ajaýyp türkmen kompoziory Nury Halmämmedowyň “Artygyň aýdymy” eserini ýerine...

DOWAMY
pic
19 Ýan

BELARUS RESPUBLIKASYNDA OKAÝAN TÜRKMEN TALYPLARY BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Minsk şäheriniň döwlet Lingwistiki uniwersitetinde Maksim Tank adyndaky Belarus döwlet pedagogiki uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki duşuşyk geçirildi. Geçirilen bu duşuşygyň işine 2019-njy ýylyň 11-19-njy ýanwary aralygynda Belarus Respublikasynda iş saparynda bolan, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasaryndan we Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň direktoryndan d...

DOWAMY
pic
18 Ýan

TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ILAT GAZNASYNYŇ (ÝUNFPA) ARASYNDA BIRNÄÇE RESMINAMALARA GOL ÇEKILDI

2019-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Bu çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 - 2020-nji...

DOWAMY