SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystan Yslam Respublikasyna sapary
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde 500 orunlyk metjidiň gurluşygynyň düýbini tutmak dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Owganystana bardy. Şunuň bilen birlikde, metjidiň düýbüniň tutulýan güni Akina demir ýoluna ýene 10 km gurmaklyk üçin ikinji tapgyrynyň g...
Türkmenistanyň DIM-de ÝHHG-nyň Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Milli azlyklaryň işleri boýunça Ýokary Komissary (MAÝK) Lamberto Zanniýeriň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistan hem-de MAÝK-ň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belledi we ony mundan beýläk hem giňeltmäge taýýardygyny aýtdy. Taraplar milli azlyklaryň we Türkmeni...
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly ХХIII halkara maslahat we sergi açyldy
2018-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edara binasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2018” atly däp bolan ХХIII halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny dünýä ýaýmak maksady bilen geçirilýän bu halkara sergi Türkmenistanyň Prezidentiniň iberen gutlagynyň okalmagy bilen dabaraly ýagdaýda açyldy. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ý...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary dowam etdi
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türkmen-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...
Aşgabatda CAREC-iň 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) boýunça 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi. Maslahat öz işini «Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygygyň söwda babatynda täze goşulyşan gün tertibi 2030 (SBGGTŞ) we CAREC 2030» temasy boýunça tegelek stol görnüşindäki gepleşikleriň çäginde dowam etdi. CAREC-ň agza ýurtlarynyň ministrleri we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary çykyş etmek bilen CAREC 2030, SBGGTŞ 2030 we...
Türkmenistan we Germaniýa- ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna sapary başlady. Saparyň ilkinji gününde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti German ykdysadyýetiniň Gündogar komiteti tarapyndan gurnalan “Esasy üns Gündogar Ýewropa tarap - işewürler gepleşikde” atly maslahata gatnaşdylar. Bu maslahat iri nemes kompaniýalarynyň, banklarynyň hem-de Germaniýanyň söwda edaralarynyň 250-den gowrak töweregi ýolbaşçylaryny...