RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Apr

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sung...

DOWAMY
pic
26 Apr

Ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...

DOWAMY
pic
25 Apr

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ sapary tamamlandy

Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...

DOWAMY
pic
25 Apr

ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşar...

DOWAMY
pic
22 Apr

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimu...

DOWAMY
pic
21 Apr

Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi

Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen...

DOWAMY