RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
18 Apr

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Şweýsariýa Konfederasiýasyna iş sapary barada

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň halkara iri çärelere gatnaşmak hem-de halkara guramalarda duşuşyklary geçirmek üçin Ženewa sapary başlandy. Şol günüň özünde Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyna (SPEСA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler duşuşygyna gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti agzalan forumda çykyş etmek bilen, SPEСA-ny mundan beýläk-de kämilleşdir...

DOWAMY
pic
18 Apr

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, Arkadag T...

DOWAMY
pic
14 Apr

Samarkantda “Merkezi Aziýa-Russiýa” formatynyň 6-njy ministrler duşuşygy geçdi

2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyndan bu çärä Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar bu formatyň wajypdygyny nygtadylar, altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki  ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen b...

DOWAMY
pic
14 Apr

GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisi barada

2023-nji ýylyň 14-nji aprelinde Samarkant şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Mejlise Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Dar we giňişleýin düzü...

DOWAMY
pic
14 Apr

Samarkantda Owganystan bilen goňşy ýurtlarynyň ministrler derejesindäki duşuşygy geçirildi

2023-nji ýylyň 13-nji aprelinde Samarkant şäherinde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň 4-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistandan bu duşuşyga daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wekilçilik etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Owganystandaky häzirki ýagdaý barada jikme-jik pikir alyşdylar we bu ýurduň içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, bilelikdäki işleri dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Tü...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipä bellenildi

2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça...

DOWAMY
pic
11 Apr

Türkmenistanyň Ilçisi T.Ataýew Moldowa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T. Ataýewiň Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Moldowa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Kiýew şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda Ilçi Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sandu Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Du...

DOWAMY