SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi. Diplomat Türkmen döwletiniň Baştutanyna BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň salamyny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimu...
Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy, şeýle hem Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürilmeginiň wajyp ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen...
Türkmenistanyň DIM-nde öňüni alyş diplomatiýasynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletle...
Türkmen-Ysraýyl gatnaşyklaryny giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koýeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Taraplar syýasy we diplomatik meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçdiler. Hemişelik bitaraplyk derejesine yzygiderli eýerýän Türkmenistanyň parahatçyl...
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň 70-nji mejlisine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 18-nji we 19-njy aprelinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisiniň işine gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň daşary işler Ministri ýurdumyzyň bu ugurdaky giňmöçberli we uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen işini bellemek bilen, ýurdumyzyň sanly we “ýaşyl tehnologiýalar” ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, maslahata gatnaşyjylara atmosf...
Türkmen wekiliýeti Ženewada birnäçe duşuşyklary geçirdi
2023-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler Ministri R.Meredowyň Portugaliýanyň daşary işler Ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekligiň meselelerine seredildi. Mundan başga, 18-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Bütündünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory doktor Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşygy geçirildi, onuň dowamyn...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada geçiren duşuşyklary barada
2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Ženewada iş saparynda bolýan türkmen wekiliýeti birnäçe halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory T.Walowaýa bilen Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlygyna degişli meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda aýratyn orun howpsuzlyk meselelerine, ýaýradylmazlyk tertibiniň saklanylmagyna, şeýle he...