RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Dek

Türkmenistan ÝHHG-niň platformasynda tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini teklip edýär

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistan integrasiýa hereketlerinde energetikanyň we ulagyň ähmiýetligini öňe çykarýar

ÝHHG-niň Ministrler geňeşi  Guramanyň öňünde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de umumy wezipeleriň çözülmegi üçin netijeli platforma bolup durýandyr. Tirana şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň birinji gününde durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere seredildi.  Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gat...

DOWAMY
pic
3 Dek

ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi

Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň baştutanynyň howpsuzlyk konsepsiýasy babatyndaky nukdaýnazaryny beýan etdi. Hususan-da, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň platformalarynda eden çykyşlarynyň barşynda ençeme gezek...

DOWAMY
pic
3 Dek

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝHHG-niň Ministrler geňeşine gatnaşdy

2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi.  Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Mejlisiň birinji gününde ÝHHG-niň häzirki Başlygynyň we Guramanyň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ý...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu sergi ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň görnetin subutnamasy bolup, onda Türkmenistyanyň 37 sany ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazanan belent sepgitleri şöhlelendirilýändir.  Şu gün, serginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gazananlary...

DOWAMY
pic
1 Dek

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady

2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady.  12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputa...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidentiniň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsdanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Sebit hem-de halkara guramalarynyň çäklerindäki işjeň özara hereketler bellenilip geçildi. Iki ýurduň sebit we...

DOWAMY