SOŇKY HABARLAR
Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň goldaw bermeginde täze metjit guruldy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda türkmen tarapynyň owgan halkyna dostlukly goldawynyň nyşany hökmünde Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde gurlan metjidiň açylyş dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda 2018-nji ýylyň noýabrynda 500 orunlyk metjidiň gurluşygyna badalga berildi. Bu karar Owganystanda durnuklylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy, şol sanda doganlyk owgan halkyna ynsanperwerlik kömeginiň...
Türkmenistan ÝHHG-niň platformasynda tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini teklip edýär
Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek arkaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow tebigaty goramak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň derwaýyslygyny aýratyn belläp geçdi. Mälim bolşy ýaly, ekologiýa howpsuzlygy – ýurtlaryň ÝHHG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ekologiýa meseleleriniň netijeli we gaýragoýulmasyz çözgütleriniň gözlenilmeginiň zerurlygyny...
Türkmenistan integrasiýa hereketlerinde energetikanyň we ulagyň ähmiýetligini öňe çykarýar
ÝHHG-niň Ministrler geňeşi Guramanyň öňünde duran derwaýys meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de umumy wezipeleriň çözülmegi üçin netijeli platforma bolup durýandyr. Tirana şäherinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň birinji gününde durmuş-ykdysady häsiýetli meselelere seredildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow halkara syýasatynda ähmiýetli orun eýeleýän Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitlerine mejlise gat...
ÝHHG-niň Ministrler geňeşinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleri beýan edildi
Şu gün, onlaýn görnüşinde geçirilen ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisiniň barşynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanyň baştutanynyň howpsuzlyk konsepsiýasy babatyndaky nukdaýnazaryny beýan etdi. Hususan-da, howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň konseptual çemeleşmeleriniň Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň platformalarynda eden çykyşlarynyň barşynda ençeme gezek...
Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝHHG-niň Ministrler geňeşine gatnaşdy
2020-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Albaniýa Respublikasynyň paýtagty Tiranada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Ministrler geňeşiniň 27-nji mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde öz işine başlady. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň gün tertibi mazmuna baý boldy. Mejlisiň birinji gününde ÝHHG-niň häzirki Başlygynyň we Guramanyň Parlament Assambleýasynyň Prezidentiniň ý...
Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan sergi öz işine başlady. Bu sergi ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň görnetin subutnamasy bolup, onda Türkmenistyanyň 37 sany ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazanan belent sepgitleri şöhlelendirilýändir. Şu gün, serginiň ikinji gününde Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynyň gazananlary...
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
2020-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Halkara sergi öz işine başlady. 12-nji dekabra – Halkara bitaraplyk gününe çenli dowam etjek sergi ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýetilen sepgitlere bagyşlanar. Serginiň işiniň birinji güni söwda ulgamynyň we daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlandy. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, deputa...