RSS

SOŇKY HABARLAR

5 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy. Türkmen döwletiniň Baştutanynyň mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Türkmenistanyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň...

DOWAMY
5 Iýul

Türkmenistanda Tunis Respublikasynyň ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili Türkmenistanyň Pre...

DOWAMY
2 Iýul

Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 1-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary Siyong Zou bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen UNIDO-nyň özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljerdiler hem-de gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek we berkitm...

DOWAMY
1 Iýul

Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory bilen duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň çäklerindäki çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Halk hökümetiniň gubernatory Çžao Gan bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ileri tutulýan ugurlar boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek babatynda pikir al...

DOWAMY
1 Iýul

Arkadag şäherinde geçirilen halkara mediaforumyň metbugat-beýanaty

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda halkara mediaforumy geçirildi. Forumyň işine 100-den gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda ýurduň akademiki toparlarynyň ýolbaşçylary we habar beriş agentlikleriniň baş redaktorlary, degişli halkara guramalaryň we birleşikleriň wekilleri, milli hususy habar beriş agentlikleriň habarçyla...

DOWAMY
1 Iýul

Arkadagda Halkara maýa goýum forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 30-njy iýunynda Arkadag şäheriniň “Märkaw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Akylly” şäher Arkadag” atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa dünýäniň dürli ýurtlarynyň, halkara we sebit guramalarynyň, abraýly maýa düzümleriniň, iri daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Forumda türkmen tarapyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, ugurdaş institutlaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler. Bu...

DOWAMY
30 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Bu örän uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi iki tapgyrda meýilleşdirilýär. Gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336 sanysy guruldy. 16-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Şonda şäheriň edarala...

DOWAMY