SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen gepleşikler geçirildi
Şu gün, 2023-nji ýylyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň şu ýylyň 3-4-nji maýynda geçiriljek “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023” atly halkara maslahatyna we sergisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň arasyn...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa-Hytaý” ministrler duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Sian şäherinde “Merkezi Aziýa-Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň dördünji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we HHR-iň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki h...
Türkmenistanyň DIM-nde Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Medeni ulgamda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet we sung...
Ýaşlar syýasaty ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimow...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň ABŞ sapary tamamlandy
Şu ýylyň 24-nji aprelinde türkmen wekiliýetiniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy. Ozal habar berilşi ýaly, Waşingtonda türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýene bir tapgyry geçirildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Entoni Blinkeniň arasynda gepleşikler geçirildi. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-amerikan işewürler geňeşiniň başlygy Erik Stýuart bilen duşuşygy hem geçirildi. Amerik...
ABŞ-da türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi
2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýyl geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň dokuzynjy tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan tarapyna bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji Elizabet Horst ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn maslahatlaşmalaryň bilel...
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersogyň we Premýer-ministri Benýamin Netanýahunyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidenti, öz gezeginde, Ysraýyl Döwletiniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Baştutanynyň belleýşi ýaly, Ysraýylyň daşar...