Halkara forumyň “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri” atly birinji bölümi

2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda, “Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri” atly halkara forumyň çäklerinde, sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Orta asyrlar döwrüniň medeniýetiniň, ylmynyň, edebiýatynyň hem-de sungatynyň adamzadyň ruhy-medeni ösüşine ýetiren täsiri” atly bölümiň mejlisi geçirildi. 

Mejlise türkmen we daşary ýurt alymlary, taryhçylary we dilçi alymlary, Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professorlary, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti S.Toýlyýew başlyklyk etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Lanjou uniwersitetiniň Türkmenistan boýunça Ylmy-barlag merkeziniň ýolbaşçysy Wan Syhaý öz çykyşynda parahatçylygy saklamakda adamlaryň arasyndaky ynanyşmagyň wajyplygy barada aýtdy. Ol adamzadyň dostluk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýaly däplerini jemgyýetiň müdimilik özeni hökmünde aýratyn belledi. Munuň netijesi bolsa, Wan Syhaýyň pikiriçe, Ýüpek ýolunyň döremegi we ösüşi. 

Gazagystan Respublikasynyň Abaý adyndaky Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetiniň rektory T.Balykbaýew öz çykyşynda Abaý we Muhammet Baýram han Türkmen ýaly beýik şahsyýetler barada gürrüň etdi. Muhammet Baýram han Türkmen, Abaý, Ibn Sina, Ýassaui, Manas ýaly Merkezi Aziýanyň meşhur şahsyýetleriniň filosofiki pikirlerini öwrenmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi.

Öz çykyşynyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň Oş Döwlet ýuridiki institutynyň ylym we halkara gatnaşyklar boýunça prorektory, taryh ylymlarynyň doktory B.Abytow Beýik Ýüpek ýolunda wajyp harby-strategik, söwda-ykdysady we medeni merkez hökmünde Oş şäheriniň baý taryhy barada aýtdy.

Gatnaşyjylar 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjynyň öz wagtyndalygy hakynda bellediler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we yklymara wajyplygy bolan, köptaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde amaly taýdan durmuşa geçirilýän «oňyn bitaraplyk» adalgasynyň ulanylmagynyň derwaýyslygy barada nygtaldy.