RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Iýul

Türkmenistanyň we Bahreýniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň geňeşmeleri geçirildi

2020-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zayani bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleri geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Bahreýniň DIM-niň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki özarahereketleriň ýygjamlaşdyrylmagy dogrusynda pikirleri al...

DOWAMY
pic
6 Iýul

Türkmenistanyň DIM-de ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygy boýunça syny geçirildi

2020-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasy işiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarym ýyllygynyň jemleri boýunça synyna bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň daşary syýasy ugry boýunça gazanylan esasy üstünlikler beýan edildi....

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň we Owganystanyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdylar

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini w.ýe.ýe. Mohammad Hanif Atmaryň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň hem-de daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky yzygiderli gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  Jenap Atmar pandemiýa ýagdaýlary döwründe Owganystana iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň adyna hoşallyk sözlerini beýan...

DOWAMY
pic
2 Iýul

Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň üç taraplaýyn duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Owganystan-Türkmenistan- Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň iri möçberli bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmak baradaky mesele ýokary derejedäki iş maslahatynyň gün tertibine çykaryldy. Bu iri möçberli bilelikdäki taslamany amala aşyrmak baradaky meselä bagyşlanylan wideomaslahatyň barşynda Owg...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Bu barada 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy habar berdi. Biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Çünki mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji sessiýalara gatnaşdy. Ýurd...

DOWAMY
pic
30 Iýun

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy «С5+1» formatyndaky ministrleriň duşuşygyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özarahereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň...

DOWAMY
pic
29 Iýun

Türkmenistanyň Prezidenti doglan güni mynasybetli gutlaglary kabul edýär

2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 63 ýaşady. Bu Muhammet Pygamberiň ýaşydyr. Türkmen halkynyň asylly däplerine görä bu ýaşa ýetmek – belent mertebe bolup durýar. Şanly sene mynasybetli türkmen baştutanyna döwlet, hökümet we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan gutlaglar we gutlag jaňlarynyň yzy üzülenok.   Şunlukda özleriniň türkmen kärdeşlerini telefon arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Owganystan Yslam Respublikasyny...

DOWAMY