RSS

SOŇKY HABARLAR

20 Iýul

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli synyny hödürledi

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we...

DOWAMY
20 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi

2023-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorka amala aşyran saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça ýokary wekili Rabab Fatima, BMG-niň Baş sekretarynyň ykdysady we durmuş meseleleri boýunça orunbasary Li Jinhua, BMG-niň Ba...

DOWAMY
19 Iýul

Türkmenistanyň Ilçisi Çehiýa Respublikasynyň Prezidentine Ynanç hatlaryny gowşurdy

2023-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Wena şäheri) H.Amannazarow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele ynanç hatlaryny gowşurdy. Ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde Çehiýanyň Prezidenti bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawel Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi hem-de iki ýurduň arasyndaky özara b...

DOWAMY
19 Iýul

Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna sapary

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň Koreýa Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Doksun bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda B.Annamämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

DOWAMY
18 Iýul

Nýu-Ýorkda durnukly şäher ulagyna bagyşlanan çäre geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly mowzuklaýyn çäre guraldy. Bu çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykd...

DOWAMY
18 Iýul

Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Nýu-Ýorkda “COVID-19-dan soň dikeldiş işini çaltlaşdyrmak we ähli derejelerde 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ugurlarynda Gün tertibiniň doly durmuşa geçirilmegi” atly mowzuk bilen geçirilýän Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşdy. Forumyň umumy mejlisinde çykyş etmek bilen, ministr 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçi...

DOWAMY
17 Iýul

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmelere gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen...

DOWAMY