Milli parlamentiň ýolbaşçysy PB-niň 139-njy Assambleýasynda çykyş etdi

photo

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi. Çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ylmy-tehniki ösüşe hem-de innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga ýardam edýän mäkäm kanunçylyk binýady döredildi, şeýle hem ähli ugurlarda durnukly ösüş, maliýe we durmuş durnuklylygy üpjün edilýär, daşarky howplara hem-de dünýä ykdysadyýetiniň üýtgemegine öz wagtynda täsir edilýär.

Maslahata gatnaşyjylara durmuş ugurly içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän köpugurly işler barada habar berildi. Türkmen Lideriniň halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasyna gatnaşyjylar 2019-njy ýyly Parahatçylyk we Abadançylyk ýyly diýip yglan etmek hakynda döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň belent münberinden beýan eden teklibini biragyzdan goldadylar.

Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşiginiň Assambleýasynyň ýanyndaky Şweýsariýa wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Parlamentara Bileleşiginiň parlamentarileriň hukuklary boýunça komitetiniň başlygy, senator Andrea Karoni, Parlamentara Bileleşiginiň prezidenti hanym Gabriella Kuewas Barron hem-de Parlamentara Bileleşiginiň Baş sekretary Martin Çungong bilen duşuşyklary boldy.