Italiýanyň wekilleri Türkmenistanyň Aral ýakasynyň ekotaslamasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Aral ýakasyndaky sebitiniň – Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň – tebigy-howa şertleri 16-18-nji iýun aralygynda geçirilen türkmen-italýan bilelikdäki ekspedisiýasynyň dowamynda barlanyldy.
Işiň maksady – Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde Türkmenistanda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän täze sebitleýin ekologiýa taslamasynyň platformasyny döretmekdir. Işler innowasiýalaryň ulanmagy arkaly ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdiriler, suw we ýer ulgamlary boýunça hünärmenler üçin bilelikdäki okuw maksatnamalaryny guramagy, şeýle hem Merkezi Aziýanyň suw basseýnleriniň ýagdaýy baradaky maglumatlarynyň alyşmagyny üpjün edýän maglumatlar binýadyny döretmegi göz öňünde tutýar.
Bu özara gatnaşyk «Merkezi Aziýa – Italiýa» hyzmatdaşlyk nusgasy esasynda alnyp barylýar we Rim şäherindäki Döwlet uniwersitetiniň, Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Italiýa agentliginiň, Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministrliginiň hem-de bu ýurduň tehniki kömegini berjek «Sogesid» döwlet kompaniýasynyň goldawynda amala aşyrylar. Italiýaly hünärmenler Amyderýa hem-de Syrderýa derýalarynda suw ulanyşyny has netijeli peýdalanmak, şeýle-de oazisleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp başlamaga çalyşýarlar.
Türkmenistan üçin teklipler toplumynyň mazmuny geçen ýylyň oktýabr aýynda we şu ýylyň mart aýynda geçirilen maslahatlaryň dowamynda gözden geçirildi. Şol maslahatlarda güýjüň goýuljak sebitleri – geoklaster kesgitlenip, ylmy-amaly çäreler meýilleşdirildi. Bilelikdäki işleriň ara alnyp maslahatlaşmagy Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň we Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň demirgazyk we gündogar sebitlerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlykda ekologik edaranyň tarapyndan durmuşa geçirýän Aral taslamasynyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Italiýaly hünärmenleriň häzirki sapary häkimlikleriň we suw hojalyk guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky hem-de Dänew etraplaryna baryp görmegi, hereket edýän Aral taslamasynyň synag meýdançalaryna, Bötendag belentligine we Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň käbir ýerlerine gitmegi öz içine aldy. Türkmenistanda bolmak boýunça medeni maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar muzeýlere hem-de taryhy-medeni ýadygärliklere baryp gördüler.