Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 292 ýyllygy mynasybetli halkara konferensiýasy we döredijilik agşamy

Konsulluk hem-de “Türkmen kultur ojagy” medeni guramasy bilen bilelikde Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 292 ýyllygy mynasybetli hem-de 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak we Watany özgertmek”  ýyly diýilip yglan edilendigini nazara alyp 2016-njy ýylyň 15-nji maýynda Köln şäherinde Halkara ylmy Konferensiýasy we şygyryýet, döredijilik agşamy geçirildi. Bu çärelere Kanada, Şwesiýa, Şwesariýa, Beýik Britaniýa döwletrinde hem-de Germaniýanyň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmenlerimiz, türkmen talyplary we Türkmenistandan gelen medeni topar gatnaşdylar.

Halkara ylmy konferensiýasy üç bölümçä bölündi. Birinji bolümde Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň bitewiligi babatda aýdan pikirleri, ikinji bölümde şahyryň türkmen dilini, adalatlylygy wasp edýän, tekepbirleri tankyt edýän goşgulary, üçinji bölüminde bolsa Magtymguly Pyragynyň şahyrana we pelsepewi mirasy türkmen halkynyň dünýä medeniýetine özboluşly goşandy atly synlara bagyşlanyldy. Konferensiýanyň çäginde çykyş edenler Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda edilýän tagallalara hem-de dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmenlere berilýän goldaw-hemaýatlar üçin özleriniň çuňňur minnetdarlygyny bildirdiler.

Halkara ylmy konferensiýa tamamlanyndan soň Türkmenistandan gelen medeniýet toparynyň işjeň çykyş etmeginde şygyryýet we döredijilik agşamy geçirildi. Şygyryýet we döredijilik agşamyna jemi 120 gowrak myhmanlar gatnaşdylar.