“Türkmenistan-Germaniýa: Innowasiýa tehnologiýalaryň güni”

2016-njy ýylyň 31-nji maýynda geçirilen “Türkmenistan-Germaniýa: Innowasiýa tehnologiýalaryň güni” atly çärä GFR-nyň otuzdan guwurak komaniýalarynyň ýolbaşçylary, Baden-Wýurtemberg, Hessen ýerleriniň ministrlikleriniň wekilleri, Türkmenistandan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet, SAP kompaniýasynyň dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we Prezidenti hem-de ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň başynda SAP kompaniýasynyň Wise-prezidenti A.Arnold şeýle ajaýyp we möhüm çäräni guramaga beren goldaw hemaýaty üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlyk sözlerini bildirdi.
Mundan başga-da, ol  kompaniýanyň kompýuter ulgamynda programmalaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri babatda giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem, B.Atdaýew çäräniň açylyşynda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdymyzyň ähli ulgamynda alynyp barylýan işleri dolulygyna suratlandyrdy. Forumyň barşynda onlarça çykyşlar edildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Atdaýewiň kompaniýanyň Prezidenti bilen duşuşygy guraldy. Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň Prezidenti Türkmenistanyň dürli ulgamlary üçin taýýarlanylan anyk teklipleri kitapça şekilinde türkmen tarapyna gowşurdy. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk ýübileýi mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine çagyrylmagyny hem-de saparynyň çäginde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti bilen duşuşygyň guralmagyna ýardam berilmegini haýyş etdi. B.Atdaýew Türkmenistanyň SAP kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly höwes bildirýändigini we kabul edilen teklipler doly öwreniljekdigini mälim etdi.