img
CONSULATE OF TURKMENISTAN
BUNDESREPUBLIK DEUTSCHLAND - FRANKFURT
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img

Türkmenistan Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmagyň ýolunda

photo

2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistanyň BSG-na synçy hökmünde kabul edilmeginiň meselesi ýakyn wagtlarda geçiriljek BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda serediler.