img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

BAGDATDA TÜRKMEN-YRAK SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

photo

2018-nji ýylyň 2-nji aprelinde Bagdat şäherinde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň ikinji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň başynda 2017-nji ýylyň 25-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmeleriň birinji mejlisinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seljerme berildi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar. sebitleýin howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşyldy.  

Taraplar şol bir wagtda gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup duran däp bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belläp geçdiler.