IFT– 2025: Türkmenistanyň hususy pudagynda täze gözýetimleri açar

Şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň geljegine maýa goýum» (IFT ̶ 2025) hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça birinji halkara forumyň başlamagyna bir aýa golaý wagt galdy.
IFT–2025 işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak, taslamalar bilen tanyşdyrmak we tejribe alyşmak üçin özboluşly mümkinçilikdir. Forum maýa goýumlary we durnukly ösüş üçin özüne çekiji ýurt hökmünde Türkmenistanyň tutýan ornuny berkitmekde möhüm ädim bolar.
Şu güne çenli bu çäre Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Estoniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Germaniýa, Ukraina, Täjigistan ýaly ýurtlardan 200-den gowrak kompaniýanyň ünsüni özüne çekdi. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň dürli künjeklerinden iri kompaniýalar maýa goýum taslamalaryny hödürlärler we 17-19-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçiriljek sergi Türkmenistanyň hususy pudagynyň dürli ugurlarda gazananlaryny görkezer.
Şeýle hem foruma BMG, ÝHHG, Ýewraziýanyň dikeldiş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky we Bütindünýä banky ýaly esasy halkara maliýe edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Olaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmekde hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem täze ýollary tapmaga mümkinçilik berer.
IFT 2025 Halkara forumyny Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşigi hem-de «TMT Consulting Group» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Söwda-senagat edarasy guraýar.
Forum barada anyk maglumat çäräniň resmi saýtynda elýeterlidir.