Türkmenistanyň köpugurly deňiz terminaly hyzmatdaşlyk geografiýasyny giňeltmäge taýýardyr
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «ŞHG +» görnüşdäki sammitde çykyş etmek bilen, Gurama agza döwletleriň ýolbaşçylarynyň ünsüni Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň giň mümkinçiliklerine we bu köpugurly terminaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bähbidine ulanmak boýunça amaly gepleşiklere taýyndygyna çekdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň barşynda Hazar deňziniň iň gysga bähbitli ýol hökmünde ähmiýetiniň jikme-jik ara alnyp maslahatlaşylandygyny ýatlatmak bilen, bu mowzugyň aragatnaşygy hut şu görnüşinde dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi.
Şol ugurda, Türkmenistanyň Prezidenti deňiz ulagynyň möhüm meselesine degip geçmek bilen, gämi gurluşygynda hyzmatdaşlyga-da başlangyç goýdy.
Türkmen döwletiniň başlygy ŞHG ýurtlarynyň köpüsiniň bu ugurda çynlakaý önümçilik kuwwatynyň we uly tejribesiniň bardygyny belläp geçdi. «Türkmenistan hem milli gämigurluşyk pudagyny işjeň ösdürýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk özara bähbitleri getirer diýip hasaplaýaryn» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy.