Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiň günleri geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img

Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, Türkmenistanyň GFR-däki konsullygy (Frankfurt şäheri) tarapyndan 2025-nji ýylyň 30–31-nji oktýabrynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçirildi.

Çärä gatnaşmak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nokerguly Atagulyýewanyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýeti 29-njy oktýabrdan 1-nji noýabry aralygynda Germaniýada saparda boldy.

30-njy oktýabrda Frankfurtdaky «Radisson Blu» myhmanhanasynda geçirilen forum maliýe-ykdysadyýet, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda, ulag we kommunikasiýa, nebit-gaz we nebithimiýa, oba hojalyk we suw hojalygy, gurluşyk we senagat hem-de tekstil ulgamlary ýaly giň gerimli ugurlary öz içine aldy.

Foruma iki ýurduň 230-dan gowrak wekili gatnaşdy: ýygnananlaryň arasynda Türkmenistanyň ministrliklerinden we döwlet edaralaryndan 43 we Söwda-senagat edarasyndan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden 63 wekili gatdaşdy. German tarapyndan bolsa 80-den gowrak kompaniýalaryň, banklaryp, söwda-senagat edaralarynyň, senagat birleşmeleriň we işewür düzümleriň wekillerinden we Germaniýanyň Ykdysadyýetiň Gündogar Komitetinden takmynan 120 adam gatnaşdy.

Forum dört mowzuklaýyn sessiýa görnüşinde guralyp, onda anyk maýa goýum taslamalary we tehnologiýa hyzmatdaşlygy üçin mümkinçilikler hödürlenildi. Açylyş dabarasynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gazananlaryny we maýa goýum mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekil görkezildi.

Açylyş mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N. Atagulyýew we Germaniýanyň Ykdysadyýetiň Gündogar Komitetiniň başlygy M. Harms çykyş etdiler. Olar 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Berlinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen işewürlik forumynyň ähmiýeti, şol çärede ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenip, onuň mundan beýläk hyzmatdaşlygy berkitmekde ugur görkeziji bolup durýandygyny bellediler.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Berlindäki forumda kabul edilen «Ýol kartasynyň» ýerine ýetirilişiniň netijeleri we şol forumda beýan edilen ýörelgeler maýa goýujylar üçin amatly şertleri janlandyrýar we germaniýaly tehnologiýalaryň Türkmenistana ornaşdyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar. Çykyşlarda öňe sürlen ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleri nygtalyp, iki ýurduň wekilleri geljekde täze derejelere ýetmek barada gyzyklanma bildirdiler.

Forumyň ahyrynda gatnaşyjylar görkezilen meseleler boýunça sorag-jogap görnüşinde pikir alyşdylar. Birinji gün iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy we ylalaşyklaryň resmi taýdan berkidilmegi üpjün edildi. Netijede daşary ýurt we türkmen kompaniýalary bilen jemi 12 resminama gol çekildi. 

Günüň ikinji ýarymynda B2B we B2G görnüşlerindäki iki taraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olarda türkmen we germaniýaly kompaniýalara anyk taslamalar we maýa goýumlar boýunça göni gepleşikleri geçirmek we täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredildi. Jemi ministrlikler we döwlet edaralarynyň wekilleri bilen takmynan 40, hususy pudagyň wekilleriniň arasynda bolsa 80-den gowrak duşuşyk geçirildi. 

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Ykdysadyýet günleriniň iş tertibine laýyklykda Germaniýadaky birnäçe edaralara we önümçilik kärhanalaryna baryp gördüler. Ýagny Frankfurtyň Ykdysady ösüş agentliginde «Germaniýa Federatiw Respublikasynyň täjirçilik we söwda işini amala aşyrmagyň düzgünleri» atly mowzuga bagyşlanan
hem-de Germaniýanyň «Aka-Ausfuhrkreditgesellsehaft GmbH» maliýe guramasynda «Bilelikde gelejegi gurýarys: Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady dialog» atly mowzuk boýunça tegelek stol duşuşyklary geçirildi. 

Bu duşuşyklarda türkmen tarapyna Germaniýada iş alyp barmagyň mümkinçilikleri we maýa goýum potensialy barada maglumat berildi. Taraplar haryt dolanyşygy, kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmek we iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde geljegi bolan taslamalar barada hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem, türkmen wekiliýeti «BASF» we «Wirtgen Group» kompaniýalarynyň merkezlerini we önümçilik kuwwatlyklaryny ýerinde görüp, kärhanalaryň işjeňligi bilen tanyşdylar we degişli ugurlar boýunça kompaniýa wekilleri bilen pikir alyşdylar.

Netijede, Frankfurtda geçirilen Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri türkmen-german hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak ugrunda möhüm ädim boldy. Ol ykdysady we tehnologiýa taýdan täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny kesgitledi we taraplaryň geljekde iş alyp barmaklary boýunça özara gyzyklanmasyny tassyklady.