Türkmenistanda söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş topary dörediler

photo

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde daşary söwdany höweslendirmäge gönükdirilen täze düzümi döretmek baradaky başlangyç makullandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistanyň ozal goşulan Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýönekeýleşdirmek hakynda çarçuwaly Ylalaşygy durmuşa geçirmek boýunça edilýän ädimler barada hasabat berdi. Bu işleriň çäklerinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.

Täze döredilýän pudagara iş toparynyň esasy wezipeleri şulardan ybarat bolar: halkara söwda ylalaşyklaryndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar we halkara guramalar bilen özara hereketleri utgaşdyrmak hem-de milli derejede söwda amallaryny ýönekeýleşdirmegiň gurallaryny ornaşdyrmak.