img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ YKDYSADY, SÖWDA WE SENAGAT MINISTRLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2018-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýaponiýanyň Ykdysady, söwda we senagat ministrliginiň Halkara taslamalar boýunça bölüminiň başlygy jenap Takasi Ýoşiokanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara hyzmatdaşlykda iki ýurduň ähmiýetlerini belläp geçip, Türkmenistanda ýola goýuljak täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Şeýle-de wekiliýet agzalary ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ykdysadyýet, ulag, nebit we himiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyga bolan uly gyzyklanmalaryny beýan etdiler.