img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan dalaşgär hödürlenildi

photo

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 44-nji, 45-nji maddalaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy tarapyndan «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýew 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgär hödürlenildi. Dalaşgär hödürlemek boýunça maslahat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler jaýynda geçirildi.