img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri «Аwazada» türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşyk geçirdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň has hem ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändikleri ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň sebit hem-de halkara derejesindäki özara hereketleriniň ähmiýetli ugurlary boýunça hem pikirler alyşyldy.