SOŇKY HABARLAR
Türkmen-rus özara hereketleriniň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün, 7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar rus wekiliýetiniň Türkmenistana nobatdaky saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigine şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Şu nukdaýnazardan, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de mede...
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri duşuşyk geçirdiler
Şu gün, 5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşkent şäherine resmi saparynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de dostlukly türkmen halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Özbegistanyň Prezidenti bu duşuşygy “taryhy we ähmiýetli waka” hökmünde häsiýetlendirdi. Tü...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary guraldy. 4-nji oktýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary howa menzilinde garşyladylar. Soňra türkmen we özbek Liderleriniň Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna gül dessesini goýmak dabarasy geçirildi. Şol gün Daşkent şähe...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün, 4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi sapar başlandy. Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy geçiriler. Ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça 20-den gowrak ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem saparyň çäklerinde türkmen-özbek ykdysady forumy geçiriler. Oňa iki döwletiň döwlet we...
Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Owganystanyň DIM-de gepleşikleri geçirdi
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Kabuldaky Ilçisi Hoja Öwezowyň Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Muttaki bilen duşuşygy geçirildi. Owgan daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyna hem-de halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny beýan etdi. Şonuň ýaly-da ýeňil bolmadyk döwürde owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer hemaýaty üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Duşuşygyň barş...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Garaşsyzlyk - bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
2021-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Garaşsyzlyk – bagtymyz» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri, mugallymlar we talyplar, şeýle hem ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş...
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary geçirildi
2021-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu ýerde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan at çapyşyklar guraldy. Baýramçylyk dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýo...