SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNISEF-iň Aşgabatdaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
2021-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde söhbetdeşler gazanylan üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryny belläp geçdiler. Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda çagalar üçin köpugurly durmuş hyzmatlarynyň kämill...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Soňra döwlet Baştutanymyz ŞHG-niň sammitiniň geçirilýän...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün, 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. Şeýle hem saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«C5+1» görnüşdäki ministrler derejesindäki duşuşykda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda «C5+1» görnüşinde Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşky gurşaw goramak meselelerine jogapkär edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew ýolbaşçylyk etdi. Taraplar howanyň üýtgemegi, klimat çökgünliginiň, hususan-da, onuň azyk howpsuzly...
Daşkentde bilelikdäki Hökümetara türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2021-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-özbek toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyndan mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary E.Orazgeldiýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Özbek wekiliýetine Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbas...
Türkmenistanyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Şu gün, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Ministr raýatlarynyň Owganystandan guramaçylykly çykarylmagy maksady bilen, howa gämileriniň uçuşlarynyň üpjün edilmegi meselesinde hyzmatdaşlyk saklandygy üçin german hökümetiniň adyndan Türkmistana çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Şunlukda, Türkmenistan tarapyndan öz howa giňişliginiň ulan...
Ženewada Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça ministrler derejesinde maslahat geçirildi
2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgaml...