SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystandaky ýagdaý boýunça Beýannamasy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanda bolup geçýän ýagdaýlaryň we wakalaryň ösüşini üns merkezinde saklamagyny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda türkmen tarapy aýratyn belleýär, ýagny dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanyp, şeýle-de iki ýurduň halklarynyň taryhy hem-de medeni-siwilizasiýa umumylygyndan ugur alyp, Türkmenistan hemişe Owganystanyň içeri syýasy durnuklylygyna hem-de howpsuzlygyna, doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna düýpli gyzyklanma bildiri...
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk
2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mettýu Stiwen Klimow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar dürli ugurlar boýunça alnyp barylýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunlukda iki ýurduň diplomatik gulluklarynyň arasyndaky ysnyşykly özara hereketleriň netijeliligi aýratyn bellenilip geçildi. Diplomatlar şeýle-de sebit hem-de halkara gün te...
Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan boýunça Dohada geçirilýän halkara duşuşyga gatnaşýar
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň hem-de «Таliban» hereketiniň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň barşyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça halkara duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Katar Döwletiniň Doha şäherinde bolýar. Arasynda BMG-niň, Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Russiýanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we Özbegistanyň wekilleri bolan duşuşyga gatnaşyjylar par...
Daşary işler ministri BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
Şu gün, 10-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistana gelen BMG-niň Türkmenistandaky täze bellenilen Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşygy geçirildi. Biri-birleri bilen gyzgyn salamlaşyp, taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen durmuşyň ähli pudaklaryny öz içine alýan netijeli özara hereketlerini nygtadylar. Türkmenistanyň DIM-iň ýolbaşçysy bu halkara düzümiň hemmetaralaýyn kanunylyg...
BMG Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili bilen duşuşyk
2021-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurtda öz işini tamamlaýan BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Natiýa Natswlişwili bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar 1995-nji ýylda ýola goýlan Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşlygyny kanagatlanma bilen bellediler. Geçen ýyllarda gazanylan umumy sepgitlere syn bermek, şeýle-d...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň barşynda gender syýasatyny kämilleşdirmek babatdaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi. Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara...
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumynyň barşynda söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» Kongresler merkezinde MA ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady forumy geçirildi. Forumyň plenar mejlisiniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdyl...