RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri bilen duşuşygy

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal Bin Farhan Al-Saud bilen duşuşygy geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýokary derejedäki ygtybarly we yzygiderli syýasy gepleşikler esasynda barha berkidilýän döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-saud gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatl...

DOWAMY
pic
15 Iýul

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary babaty...

DOWAMY
pic
15 Iýul

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Daşkentde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşdy

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherine iş sapary başlandy. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşar. Şu gün, 15-nji iýulda Turkmenistanyň Daşary işler mini...

DOWAMY
pic
15 Iýul

“C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we ABŞ -nyň arasynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bi...

DOWAMY
pic
14 Iýul

Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtag...

DOWAMY
pic
13 Iýul

Türkmenistan we HHR strategiki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

2021-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Ini kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesi nygtaldy. Türkmenistanyň we Hytaýyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şonuň ýaly-da ikitaraplaýyn gün tertibine hem-de sebit we halkara...

DOWAMY
pic
12 Iýul

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada resmi sapary

2021-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde ýurduň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň, şeýle-de iki ýurduň DIM-niň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilendir. Şunlukda, 12-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaý...

DOWAMY