SOŇKY HABARLAR
Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady
2020-nji ýylyň 19-njy awgustynda wideoaragatnaşyk arkaly Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde Parlament Ýolbaşçylarynyň 5-nji Bütindünýä maslahaty öz işine başlady. Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guralan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan iki ýüze golaý parlamentariýler, şol sanda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa hem gatnaşýar. Maslahat «Adamlar we ýer togalagy üçin parahatçylygy hem-de durnu...
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň sammitine gatnaşdy
2020-nji ýylyň 17-18-nji awgustynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde onlaýn görnüşinde geçirilen Zenan Parlament Ýolbaşçylarynyň 13-nji sammitine gatnaşdy. Bu mejlis Parlamentara Birleşigi tarapyndan Awstriýanyň Parlamenti hem-de Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy. Sammitiň barşynda oňa gatnaşyjylar aýallaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi, olaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, gender deňsizliginiň aradan aýrylma...
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we Owganystanyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Merkezi Bankynyň Başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Ajmal Ahmadi bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşyk wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Gepleşikleriň gün tertibinde – hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlary boýunça birek-birek üçin bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegi we pugtalandyrylmagy orun aldy. Iki ýurduň wekiliýetleriniň dürli meýdançalarda geç...
Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermegi dowam edýär
2020-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna koronawirus pandemiýasyna garşy göreş üçin lukmançylyk enjamlaryň toplumlary görnüşindäki nobatdaky ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekildi. Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek...
«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 11-nji awgustynda wideokonferensiýa görnüşinde Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň daşary işler ministrleriniň mejlisi geçirildi. Ýaponiýanyň DIM-niň howandarlygynda geçirilen duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ýokary wezipeli diplomatlar sebitleýin hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle-de MA ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky sazlaşykly özarahereketleriň global d...
Türkmen-katar gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri telefon arkaly söhbetdeşlikde ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Iki ýurduň we halklaryň giň gerimli hy...
Türkmenistanyň DIM-de BSGG bilen özarahereketleri çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň Direktory Hans Klýuge bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde taraplar ikitaraplaýyn meseleleriň giň toplumyny, hususan-da koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýaramagyna garşy göreş ulgamynda Türkmenistanyň we BSGG-nyň netijeli hyzmatdaşly...