SOŇKY HABARLAR
KHBS üçin habar
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň wise-premýeri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapynyň başlygy Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly gepleşigi boldy. Gürrüňdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň şu ýylyň 12-nji maýynda bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça gazanylan yla...
Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýadro synaglaryň hemmetaraplaýyn gadagan edilmegi hakyndaky Şertnama Guramasynyň (ÝSHGehŞG) Taýýarlyk toparynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝSHGehŞG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan hem ýaragsyzlanmak we ýaýratmazlyk meseleleri babatynda Türkmenistanyň daşary syýasat...
Türkmenistanyň DIM-de Özbegistanyň Wise-premýeri bilen duşuşyk geçirildi
2020-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri S.Umurzakow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyk sanly wideokonferensiýa görnüşinde geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara g...
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen salamlaşyp, özara hormat goýmak, netijelilik hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň üýtgewsiz dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-biregi Beýi...
GDA gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň wideokonferensiýa görnüşinde mejlisi geçirildi
2020-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy-döwletleriň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisine gatnaşdy, çäre göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga gatnaşyjy-döwletleriň daşary işler ministrleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar gatnaşdylar. Işjeň ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda taraplar ýurtlaryň dünýädäki epidemiologik...
Aşgabatda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi
2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň hem-de beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýurdumyzyň tanymal syýasatşynaslary, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik edaralarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçyl...
Türkmenistan Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň hatarynda
2020-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheri Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň (SŞBF) agzalygyna kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasy 2012-nji ýylda dünýäniň meşhur syýahatçylyk şäherleri we syýahatçylyk guramalary tarapyndan döredildi. Ştab-kwartirasy we Sekretariaty Pekinde (HHR) ýerleşen SŞBF häzirki wagtda abraýly halkara syýahatçylyk guramasyna öwrüldi.