RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
30 Noý

EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy

2019-njy ýylyň 29-30-njy noýabrynda BAE-niň Dubaý şäherinde Afrika, Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa sebitlerinde ilkinji gezek geçiriljek EKSPO-2020 halkara sergisine gatnaşyjylaryň dördünji duşuşygy geçirildi.  Türkmenistandan bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.  Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti EKSPO-2020 Ýerine ýetiriji direktory Najib Mohammed Al-Ali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistany...

DOWAMY
pic
30 Noý

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň wekiliýeti Taýland Patyşalygyna iş sapary

Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) çagyrmasy boýunça 2019-njy ýylyň noýabr aýynyň 27-den noýabr aýynyň 30-y aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G. Ataýewanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti Taýland Patyşalygynyň Bangkok şäherinde iş saparynda  boldy. 27-nji noýabrda Pekin Jarnamasynyň we Hereketler Meýilnamasynyň...

DOWAMY
pic
29 Noý

Daşkentdäki duşuşykda Merkezi Aziýa integrasiýasynyň ugurlary kesgitlenilýär

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler. Däp bolan surata düşmek dabarasyn...

DOWAMY
pic
28 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen geldi

2019-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine iş sapary bilen geldi. Prezidentiň uçary Daşkent şäheriniň Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde Türkmen Liderini resmi adamlar, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşy aldylar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Pre...

DOWAMY
pic
25 Noý

“Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek boýunça hereketleriň täze maksatnamasyny” işläp düzmegiň çäklerindäki duşuşyk

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda iki günlük Aşgabatda «Aral deňzi sebitindäki ýurtlara kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň guramaçylyk we hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň üçünji duşuşygy geçirilýär. Duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak» atly sebitleýin maksatnamasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC) b...

DOWAMY
pic
25 Noý

Aşgabatda din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi

2019-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanda din we din azatlygy meselelerine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Adalatçysy, Türkmenistanyň Daşary işler, Içeri işler, Adalat ministrliklerinden, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan wekiller, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky dini meseleler boýunça bölüminiň hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň çäginde hereket edýän dürli konfessiýalardyr dini guramalaryň weki...

DOWAMY
pic
23 Noý

Türkmen-emirlikler gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça berkidilýär

2019-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Dubaý şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halkara hyzmatdaşlyk döwlet ministri Rim bint Ibragim Al Haşiminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ministrler türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ösüşini, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara meseleleri babatda meňzeş nukdaýnazarlaryň hem-de başlangyçlaryň köptaraplaýyn görnüşlerde ikitarapla...

DOWAMY