SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Bakuda döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar. Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» ka...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy
Şu gün, 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçiriler, onuň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde brifing
2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi. Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmen...
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Marokko Patyşalygyna sapary
2020-nji ýylyň 4-5-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Marokko Patyşalygyna sapary boldy. Saparyň ilkinji güni türkmen wekiliýetini Marokkonyň Premýer-ministri Saadeddin Osmani kabul etdi. Gürrüňdeşlikleriň barşynda döwletleriň ikisiniň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürm...
Katar Döwletiniň paýtagtynda türkmen-katar syýasy geňeşmeleri geçirildi
2020-nji ýylyň 29-njy fewralynda Doha şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, ösüşiň esasy görkezijisi, iň ýokary syýasy derejede döredilen açyk dostlukly we konstruktiw gepleşik bolup durýan ikitarap...
Aşgabatda Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi
2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr. Duşuşygyň barşynda...
Aşgabatda Ýewraziýa toparynyň çäklerinde ÝHHG-niň okuw maslahaty öz işine başlady
2020-nji ýylyň 26-njy fewralynda Aşgabatda «Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) özara baha bermäge milli derejede taýýarlyk: ÝHHG-niň döwletleriniň iň gowy tejribeleri» atly üç günlük okuw maslahaty öz işine başlady. Çärä Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň we Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle-de gatnaşyjylaryň arasynda hususy pudagyň we täjirçilige...