SOŇKY HABARLAR
ŞWEÝSARIÝA KONFEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENSTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenstandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) hanym Mýuriel Peneweýreniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar ýokary derejedäki saparlaryň guralmagy we syýasy geňeşmeleriň yzygiderli geçirilmegi arkaly Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfe...
Awazada ýurdumyzyň BSG we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Birinji HYF-nyň meýdançasynda ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Bütindünýä bankynyň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasynyň arasynda Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegine garaşylýar. Bu barada «Awaza» MSZ-nda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Batyr Bazarow bilen Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Bütindünýä bankynyň Ýerine ýetiriji direktory Werner Gruberiň arasyn...
Ýaş türkmen boksçylary Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň ikisine mynasyp boldular
Boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 1-nji awgustdan 9-njy awgust aralygynda Kuweýtde geçirilýän ýetginjekleriň arasynda Aziýa çempionatyna gatnaşýar. Wekilçilikli ýaryşa dünýä döwletleriniň 21-sinden türgenleriň 150-si geldi. Şu güne çenli türkmen türgenleri 35 kg we 70 kilogramdan agyr agramlarda medallaryň ikisine mynasyp boldular. Daşoguz şäherinden 8-nji synp okuwçysy Daniýar Rozmetow we paýtagtymyzdan sekizinji synp okuwçysy Bogdan Konstantinow bürünç medal eýelediler. Türkm...
Birinji Hazar ykdysady forumynyň mowzugy — «Maliýe we ykdysadyýet» žurnalynda
?Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky, şu ýylda çykan dördünji sany ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlandy. Şunuň bilen baglylykda, neşiriň täze sanynda yklymyň ykdysadyýetinde Hazar sebitiniň ornuny, onuň Ýewraziýadaky geosyýasy ýagdaýlara täsirini güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini açyp görkezýän makalalar ýerleşdirildi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar ykdysady forumyny yzygiderli g...
Türkmen seçgiçileri gallanyň täze görnüşlerini döretdiler
Türkmen oba hojalyk institutynyň (Daşoguz şäheri) oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde gallanyň täze görnüşlerini döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Dünýä ylmy we iş tejribeleri tohumlaryň diňe ýerli hem-de dikeldilen görnüşleriniň ýokary we durnukly hasyl berýändigine şaýatlyk edýärler. Gallanyň hasyllylygyny, hilini ýokarlandyrmak, kesellere, guraklyga, jöwza, gyşda aýazly howa we ýatma durnuklylygyny gazanmak alnyp barylýan işiň esasy ugurlarydyr. 2019-njy ýylda merkeziň s...
Sebitlere maýa goýumlary: döwrebap ýol-ulag düzümleri, suwdan rejeli peýdalanmak
Ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan yzygiderli ösdürilmegi boýunça toplumlaýyn milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde olara saldamly maýa goýumlary gönükdirilýär. Ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirlmegi hem özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biridir. Maýa goýum goldawy netijesinde Daşoguz welaýat häkimligniň awtoulag ýollaryny ulanyş müdirliginiň hünärmenleri bar bolan ýollaryň durkuny täzelemek we täze ýollary gurmak boýunça uly möçberli işleri amala aşyrýarlar, bu bolsa o...
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow bilen söhbetdeşlik
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby - Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz? Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýakym...