img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen ertirlik naharyny geçirdi

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda irden Tokioda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşyk «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda iş ertirlik nahary görnüşinde  geçirildi. Duşuşyga «ITOCHU», «Sojitz», «Mitsubishi», «Kawasaki Heavy Industries» we beýleki birnäçe meşhur korporasiýalarynyň ýolbaşçylary,  şeýle hem hökümet agzalarynyň, aýratyn alnan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we Senagatçylar we telekeçil...

DOWAMY
pic
22 Okt

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatorynyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda Döwlet Baştutanymyz «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp, Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän dabara gatnaşdy. Çärä dünýäniň 180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy. Däp bolşy ýaly, tagta geçmek dabarasyna...

DOWAMY
pic
22 Okt

«Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty (OGT 2019)

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2019» atly XXIV halkara sergisi we maslahaty öz işine başlady. Bi giň gerimli çäreleriň guramaçylary «Turkmen Forum» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda «Тürkmennebit» Döwlet konserni çykyş edýändir. Çäreleriň resmi açylyş dabarasynda çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2019» atly XXIV halkara maslahatyna we sergisine...

DOWAMY
pic
21 Okt

Tokioda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi

2019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň öňüsyrasynda türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. “Shinagawa Prince” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi gurnaldy. Duşuşyga dürli senagat ulgamlarynda, ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýa ulgamlarynda işleýän Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri we ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmen tarpyndan d...

DOWAMY
pic
21 Okt

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary başlandy

019-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary garşylaýarlar. Howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda türkmen Liderini...

DOWAMY
pic
17 Okt

Buenos-Aýresde türkmen-argentin gatnaşyklarynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2019-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda Buenos-Aýres şäherinde Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.S.Hajyýew ýolbaşçylyk etdi. Argentina Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Gustawo Rudolfo Zlauwinen ýolbaşçylyk etdi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar türkmen-argentin gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly häsiýetini belläp geçdil...

DOWAMY
pic
16 Okt

Türkmen wekiliýeti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammitine gatnaşdy

2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 15-ne Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Baku şäherinde Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlygy geňeşiniň VII Sammiti geçirildi. Ýokary derejedäki çärä Türkiýäniň Prezidenti R.T.Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeenbekow, Wengriýanyň Premýer-ministri W.Orban, Gazagystanyň ilkinji Prezidenti N.Nazarbaýew we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary P.Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wek...

DOWAMY