img
TÜRKMENISTANYŇ KONSULLYGY
GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASY - FRANKFURT
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Sen

DIM-de BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde ileri tutýan ugurlaryndan gelip çykýan başlangyçlaryň we teklipleriň durmuşa geçirilmeginde taraplaryň özarahereketlerine aýratyn ähmiýet berildi. Hususan-da parahatçylygyň, howpsuzlygyň saklanylmagy we hal...

DOWAMY
pic
6 Sen

Türkmenistanda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Aşgabatda Saglygy goraýyş boýunça VIII türkmen-german forumy öz işine başlady. Ol geçirilip gelýän ýyllarynda iki dostlukly ýurduň arasynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli çärä öwrüldi. Bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda baglaşylan hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň çäklerinde guralýar. Şu duşu...

DOWAMY
pic
6 Sen

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ženewada BSG-ky hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň meseleleri boýunça geçiren duşuşyklary

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde guraldy. Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş ma...

DOWAMY
pic
5 Sen

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýärler

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň birinji orubasary  -  Ýerine ýetiriji sekretary W.A.Guminskiniň ýolbaşçylygyndaky GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyklyk etmeginiň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň we çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini belläp geçdiler....

DOWAMY
pic
30 Awg

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Russiýanyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly gepleşigi

29-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şu ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemlerine ýokary baha berdiler.  Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz D...

DOWAMY
pic
30 Awg

BAE-de Türkmenistanyň Baş konsullygy açylar

2019-njy ýylyň 30-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerinde (Dubaý şäheri) Baş konsullygyny açmak baradaky Karara gol çekdi. “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edilen bu resminama Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de ilata ko...

DOWAMY
pic
29 Awg

UN ESCAP-yň ştab-kwartirasynda BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

2019-njy ýylyň 29-njy awgustynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň ştab-kwartirasynda Heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça Komitetiň altynjy sessiýasynyň barşynda geçirilen «Daşky gurşaw we heläkçilik: Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde boşluklaryň doldurylmagy» atly ugurdaş çäräniň çäklerinde BMG-niň Aral deňzi basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň (UN SPAS) tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä BMG-niň agza-ýurtlarynyň wekiliýetler...

DOWAMY