SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar. DTYB-nyň maslahaty başlanmazdan ozal onuň wekilleri döwlet Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp guralýan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Günüň ikinji ý...
Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygy köptaraply hyzmatdaşlygyň ösüşine ygrarlydygyny bellediler
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministriliginde Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Marokko Patyşalygynyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Döwlet sekretary Muniýa Busettanyň ýolbaşçylygynda wekiliýeti Aşgabada geldi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-marokko gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda, şol sanda, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-yn...
Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady
2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda ýurduň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurt Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudak edaralary serginiň guramaçylary bolup çykyş etdiler. Sergi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýala...
Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze Ilçisi bilen duşuşyk
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýerkebulan Sapiýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereket...
Türkmenistan we ÝTÖB köptaraplaýyn özarahereketleriň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyrlar
2019-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory Nil MakKeýniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler we ýurdumyzda durmuşa geçirilen we häzirki wagtda hereket edýän taslamalara, şeýle hem ÝTÖB-n...
Türkmen-German özara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Naýthart Hýöfer-Wissing bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň «Ýol kartasynyň» ähmiýetli ugurlaryny...
Türkmenistanyň DIM-de BMG-niň BA tarapyndan Kararnamanyň we BMG-niň BA-nyň 73-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde Birinji HYF-nyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi
2019-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2021-nji ýyl» atly Kararnamanyň hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça başlyklyk etmegiň Beýannamasynyň kabul edilmegine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge biziň ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we edaral...