SOŇKY HABARLAR
DIM-DE TÜRKMEN-GYRGYZ HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Isaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar derwaýys meseleleriň birnäçesini, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm ugurlary hakynda pikirleri alyşdylar. Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatiki gatnaşyklary işjeňle...
TÜRKIÝEDE TÜRKMENISTANYŇ MEDENIÝET GÜNLERI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 10-njy iýulynda Türkiýe Respublikasynyň Siwas şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy we ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Dabara Türkiýe Respublikasynyň köp sanly medeniýet we sungat işgärleri, taryhçylar, sungatşynaslar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik çäresiniň çäklerinde ýurdumyzyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň sergisi öz işine başlady. Şäheriň kongres binasynda...
TÄHRANDA BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna görülýän taýýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy Eýranyň Söwda, senagat, şahtalar we oba hojalyk Edarasynyň (EYR SSE) ýardam bermeginde maglumat beriji brifing geçirdi. Çärä EYR-nyň SSE-nyň, Daşary işler ministrliginiň, Senagat, magdan we söwda ministrliginiň, Ýol we şäher gurluşygy ministrliginiň, Eýranyň söwdany ösdürmek guramasynyň, haza...
Gallaçylaryň ýokary zähmet üstünligi — azyk bolçulygynyň kepili
Türkmenistanyň gallaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Türkmenistan gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdudyr. Häzirki döwürde topraga aýawly garamak däpleri täze many-mazmuna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça oba hojalygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler aýdyň netijesini berýär. Daýhanlara...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2019-njy ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Italiýa Respublikasynyň Parlamentiniň deputatlar palatasynyň Wise-prezidenti Ettore Rozatonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýagdaýda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky özarabähbitli türkmen-italýan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
AŞGABATDA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň halkara işleri boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar gazanyla...
Birža täzelikleri
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna ABŞ-dan, Panamadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Gonkongdan, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Ka...