SOŇKY HABARLAR
Döwlet Baştutanymyz täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gökdepe etrabynyň çäginde guruljak Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň — täze şäheriň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini şöhlelendirýän Türkmenistanyň milli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň görnetin mysaly bolup durýandyr. Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň başlygy we deputatlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolb...
Ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdeleriniň öndürilişi artýar
Şu gün Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Garagan obasynda gazbeton önümlerini öndürýän zawodlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilik baradaky maksatnamanyň çäklerinde guruldy. Dabara Mejlisiň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, ýerli dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulul...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty
Şu gün irden paýtagtymyzda, «Ýyldyz» myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli halkara maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Hökümeti hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan maslahat Aşgabatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekillerini we bilermenlerini, BSGG-niň Ýewropa sebitiniň 44 ýurdundan wekilleri ýygnady, olaryň hatarynda saglygy goraýyş eda...
AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINI ÜSTÜNLIKLI TAMAMLADY
2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabatda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işini üstünlikli tamamlady. Maslahatyň ikinji gününde oňa gatnaşyjylar ýurtlaryň we halkara guramalarynyň, aýratyn hem BMG-niň edaralary we hökümete dahylly bolmadyk guramalar bilen strategiki hyzmatdaşlygyň wajyplygy hakynda gürrüň etdiler. Bu ugurd...
AŞGABATDA ÝOKANÇ DÄL KESELLER BOÝUNÇA BSG-NIŇ ÝEWROPA SEBITINIŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2019-njy ýylyň 9-njy aprelinde Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýokanç däl keseller boýunça BSG-niň Ýewropa sebitiniň «Ýewropada durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek üçin ýokanç däl kesellere garşy göreşmek boýunça wezipeleriň çözülmegi» atly ýokary derejeli maslahaty öz işine başlady. Bu çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem dünýäniň 50 golaý ýurtlarynyň saglygy gora...
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde
Şu gün, 9-njy aprelde Aşgabatda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça ýokary derejedäki halkara maslahat açylýar. Ýurdumyzda iri wekilçilikli çäräniň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara giňişlikde ýokary abraýa eýe bolýandygynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halkynyň we her bir raýatynyň saglygy, abadançylygy hakyndaky aladanyň esasy orunda durýan oňyn döredijilik syýasatynyň ählumumy goldawa mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnama...
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahaty boýunça duşuşyk
Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky edara-binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy paýtagtymyzda 9 — 10-njy aprelde boljak «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejedäki halkara maslahat boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin duşuşyk geçirdi. Duşuşyga Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky edara binasynyň ýurt boýunça işgärleri, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary, halkara bilermenler, je...