SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasakini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we ýurduň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, şeýle hem Ýaponiýanyň Imperatorynyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ygtybarly binýady goýlan türkmen-ý...
Wena balyna gutlag
Pandemiýa zerarly iki ýyllyk arakesmeden soňra dünýäniň saz paýtagty Wena sizi ýene-de şäheriň gaýtalanmajak dünýäsine aralaşmaga we ýatdan çykmajak agşamy geçirmäge çagyrýar. Nusgawy sazyň Wena döwri diýip atlandyrylýan zamanynda bu şäher Gaýdn, Mosart, Bethowen ýaly meşhur kompozitorlara dünýä belli sazlaryny döretmäge ylham berdi. Awstriýanyň paýtagty tansyň hem-de Wena bal däpleriniň halkara paýtagty hökmünde hem meşhurdyr. Tutuş dünýäde adamlar täze ýylyň başlanmagyny ady rowaýata öwrüle...
Türkmenistanyň Prezidenti Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) başlyklyk edýän Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň daşary işler ministri Buýar Osmanini kabul etdi. Demirgazyk Makedoniýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy oňyn syýasaty alyp barýan, sebit hem-de halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge möhüm goşant goşýan Bitarap Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga...
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamlaryny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arz...
Türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edrasynyň binasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Başlyklarynyň - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň we öz ýurdunyň wekilçilikli toparynyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda sapar bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Owerçugyň arasynda gepleşikler geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuh...
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň Başlyklarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi barada
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň ýollar we şähergurluşyk ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň eýran böleginiň ýolbaşçysy Mehrdad Bazrpaş bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Toparyň nobatdaky mejlisi bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 14-15-nj...
ÝHHG-niň häzirki Başlygy, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ÝHHG) Başlyklyk edýän, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Buýar Osmani bilen duşuşygy bolup geçdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ölçegleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini, şeýle hem taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde bilelikdäki işiň ileri...