RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
1 Noý

Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...

DOWAMY
pic
31 Okt

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň Kongresi geçirildi

2018-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda paýtagtymyzyň “Sport” myhmanhanasynda Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Kongresi geçirildi we onuň işine IWF-nyň wekilleri, Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurt we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Kongresiň dowamynda gatnaşyjylara gutlag sözi bilen Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) Prezidenti doktor Tamaş Aýan, şeýle hem Türkmenistanyň Sport...

DOWAMY
pic
29 Okt

Türkmen wekilýeti GDA ýurtlarynyň bilim işgärleriniň forumyna gatnaşdy

Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlarynyň 17-sini tassyklady we milli derejä uýgunlaşdyrdy, ýurdumyz 2030-njy ýylyň Gün tertibine ýetmek üçin olary yzygiderli durmuşa geçirýär.  Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hemmeler üçin giň gerimli we adalatly ýokary hilli bilimi üpjün etmek jähtinden halkara derejesindäki çärelere gatnaşmagy DÖM-i milli derejä uýgunlaşdyrmak işinde nobatdaky ädim boldy.  Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň wekilýetiniň oktýabr aýynyň başynd...

DOWAMY
pic
29 Okt

TÜRKMEN WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADAKY BÜTINDÜNÝÄ MAÝA GOÝUM FORUMY-2018-E (BMF-2018) GATNAŞMAGY

2018-nji ýylyň 22-26-njy oktýabry aralygynda düzüminde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýeti Ženewada BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň gurnamagynda geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumynyň (BMF-2018) işine gatnaşdylar. Her iki ýyldan geçirilýän Bütindünýa maýa goýum forumy maýa goýum we ösüş üçin tutuş dünýäniň öňdebaryjy platformasy bolup durýar. “Durnukly ösüşe maýa goýmak” diýip atlandyrylan forumyň işiniň birinji gü...

DOWAMY
pic
28 Okt

Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi.  Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) wekilleri hem-de ýaryşyň guramaçylary ähli gulluklaryň we desgalaryň ýaryşy ýokary derejede geçirmäge taýýarlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýaryşlar 2018-nji ýylyň 10-njy noýabryna çenli dowam ede...

DOWAMY
pic
28 Okt

Fransuz we türkmen sazandalary aşgabatlylara söýgüsini saz bilen beýan etdiler

Maksim Zekini bilen Dawid Bismut geçen ýyl konsert tamamlanandan soň aşgabatlylara ýene bir ýyldan gelmäge wada beripdiler, olar sözünde-de tapyldylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda fransuz we türkmen aýdymçy - sazandalarynyň gatnaşmagynda “Baky söýgi” atly konsert boldy. Bu Maksimiň Türkmenistana üçünji, Dawidiň bolsa ikinji saparydy. Biz okyjylarymyza bu sazandalaryň döredijilligi barada ozalam gürrüň beripdik, şonda-da ikisiniňem Pariž milli konserwatoriýasynyň u...

DOWAMY
pic
28 Okt

“TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY SYÝASATY WE DIPLOMATIÝASY” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAPDAN ÇYKDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan neşire taýýarlanylan “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” atly çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnaly Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary açýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir...

DOWAMY