SOŇKY HABARLAR
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY “BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBITLEÝIN MERKEZIŇ ORNY”ATLY KARARNAMANY KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistan tarapyndan teklip edilen “BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziň orny” atly kararnamany kabul etdi. Kararnamanyň awtordaşy bolup 57 ýurt çykyş etdi. Kararnamada Merkeziň sebitiň ýurtlarynyň arasynda umumy ynjalyksyzlyk döredýän soraglary bilen bagly meseleleri çözmek boýunça dialogy berkitmek üçin amala aşyrýan tagallalary oňlanylýar. Kararnamany Baş Assamb...
EÝRANA TÜRKMEN YNSANPERWER KÖMEGI UGRADYLDY
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Iberlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önümleriň umumy bahasy 280 müň manatdan gowrakdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugynda türkmen halkynyň ata-babalarynyň beýik ynsanperwer...
PRESS-RELIZ
2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda, Aşgabatda, Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň binasynda şol bir wagtda iki sany özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamalara gol çekildi, şol sanda: Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti we “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetara dolandyrmak (MASSSD)” sebitleýin taslamasy tarapyndan wekilçilik edýän Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda, we şeýle...
SEBIT EKOLOGIÝA MERKEZI SUW SERIŞDELRINI DOLANDYRMAK ÝÖRELGESINE BAGYŞLANAN SEMINARY GEÇIRDI
Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşusyga Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hün...
AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2017” ATLY ХХII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...
AWAZADA HALKARA SYÝAHATÇYLYK MASLAHATY AÇYLDY
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...
DUŞENBEDE TÜRKMEN-TÄJIK IŞEWÜRLER MASLAHATY GEÇIRILDI
017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhimi...