SOŇKY HABARLAR
Balkan welaýatynda täze gaz-himiýa toplumy dörär
Tutuş ýurtda bolşy ýaly, Türkmenistanyň günbatar sebitinde-de uly özgerişler bolup geçýär. Bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde, şol sanda çalt senagatlaşmagynda-da ýangyç-energetika toplumyna möhüm orun degişlidir. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Yatirim ve Diş Ticaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda k...
Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşi
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde syýahatçylyk pudagy uly ösüşlere eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda Türkmenistan içerki we halkara syýahatçylary özüne çekmek üçin köp mümkinçiliklerden peýdalanýar. Taryhy ýadygärlikler ýurdumyzyň özboluşly taryhy keşbini emele getirýär. Gadymy Änew, Merw, Nusaý, Köneürgenç, Altyn depe, Namazga depe ýaly taryhy ýerleriň bir wagtlar gülläp ösen medeniýetiniň bolandygyna taryhy maglumatlar ş...
Frankfurtda geçirilen işewürlik duşuşyklary
Şu hepde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýew Frankfurtda ýerleşýän söwda-ykdysady edaralary bilen iş maslahatlaryny geçirdi. Bu duşuşyklarda şol guramalaryň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Frankfurt Ykdysady ösüş agentliginde bu edaranyň Ýewropa ýurtlarynda, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy sebitlerinde taslamalar boýunça ýolbaşçysy Anna Stepanenko bilen geçirilen duşuşykda...
BMG-niň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnamany biragyzdan kabul etdi
2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji umumy mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly kararnama biragyzdan kabul edildi. Kararnamany hödürlemek bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy we ýurdumyzyň deňagramly parahatçylyk taglymatyny halkara giňiş...
Türkmenistanyň konsulynyň Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýerine iş sapary
2025-nji ýylyň 17-18-nji martynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt-na-Maýn şäheri) konsuly Myrat Özbekbaýewiň Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýerine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we sebitara hyzmatdaşlygyň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýlelikde, saparyň çäklerinde Düsseldorf şäherinde Demirgazyk Reyn-Westfaliýa federal ýeriniň federal işlerine ygtyýarly wekili, Federal işleri, Ýewropa we halkara meselelerine jogapkär Döwlet...
TEIF 2025: Ählumumy hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we ösüş
Şu ýylyň 23-24-nji aprelinde geçiriljek Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy (TEIF 2025), iri halkara guramalarynyň we hökümetara gurluşlarynyň wekilleriniň we ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekýär. Maslahatda çykyş edenleriň arasynda BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Nebiti eksport ediji döwletler guramasynyň (OPEK) baş sekretary Haýtam Al-Gaýs, En...
Londonda geçirilen Halkara Energetika Forumynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň möhüm wakalary hödürlendi
Türkmen Energiýa Forumyň (TEF) wekilleri 24-27-nji fewral aralygynda Londonda geçirilen “Platts London Energy Forum 2025” we “London Energy Week” atly halkara energetika forumlaryna işjeň gatnaşdylar. “Platts London Energy Forum 2025” atly forumyň esasy temasy energiýa bazarlarynyň häzirki seljermesine we adaty energiýa çeşmeleriniň geljegiň energiýasy bilen birleşmegine gönükdirildi. Innowasion pikirleri, aragatnaşyk mümkinçilikleri şeýle-de möhüm meseleler we geljegiň energiýa meýdançasyny eme...