Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» dünýä reýtinginiň sanawynda orun aldy

«Times Higher Education (THE)» Britan guramasynyň garaşsyz halkara bilermenleriniň ykrarnamasyna eýe bolan Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 14-si «THE Impact Rankings-2025» atly her ýyl çap edilýän täsir etmegiň ählumumy reýtinginiň ýedinji neşiriniň setirlerinde ýerleşdiler.
«THE Impact Rankings» reýtingi 2019-njy ýyldan bäri geçirilýär hem-de netijeliligiň esasy ählumumy sanawy bolup durýar. Şonda uniwersitetlere Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kesgitlenilen we durmuş-ykdysady ösüş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen 17 Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) gazanylmagy boýunça baha berilýär.
Bilermenleriň pikirine görä, Türkmenistanyň aşakdaky ýokary okuw mekdepleri: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmen döwlet maliýe instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary durnukly ösüş görkezijilerini görkezdiler.
Täsir etmegiň ählumumy reýtingi ählumumy durnukly ösüşe ýardam etmekde hemmetaraplaýyn artyklygyny görkezýän uniwersitetleri kesgitleýär we belleýär. Dürli DÖM-lerde üstünlik gazanyp, uniwersitetler ykdysady durnuklylyk, köptaraply durmuş, ykdysady ösüş we DÖM-i gazanmakda netijeli hyzmatdaşlyk bilen birlikde, dünýäniň wajyp meselelerini çözmäge ygrarlydyklaryny görkezýärler.
Reýtingiň usulyýeti ýokary okuw mekdepleriň umumy netijeliligini hem-de täsir etmesini şöhlelendirmek üçin birnäçe DÖM-i boýunça bahalary jemleýär. Her ýokary okuw mekdep 17-nji DÖM (maksatlary gazanmak üçin hyzmatdaşlyk) we DÖM-iň azyndan ýene-de beýleki üçüsi boýunça maglumatlary berýär. Ýokary okuw mekdebiň jemleýji bahasy 17-nji DÖM boýunça bahanyň DÖM-iň galanlarynyň iň oňat üçüsiniň bahasy bilen birleşdirilmegi esasynda kesgitlenilýär.
«THE Impact Rankings-2025»-e girizilen türkmen ýokary okuw mekdepleri 17 DÖM-iň ählisini diýen ýaly gazanmaga işjeň we anyk hereketli gatnaşýandyklaryny görkezdiler. Şolaryň hatarynda «Bilimiň hili», «Elýeterli we arassa energiýa», «Senagat, innowasiýalar we infrastruktura», «Gender deňligi», «Gury ýerleriň ekoulgamyny goramak», «Saglyk we abadançylyk», «Arassa suw we arassaçylyk», «Mynasyp iş we ykdysady ösüş», «Durnukly şäherler we ilatly ýerler», «Maksatlary gazanmak üçin hyzmatdaşlyk» baradaky maksatlar we beýlekiler bar.
Şu ýyl dünýä reýtinginde BMG-niň DÖM-iň gazanylmagynda ýeten ösüşleri esasynda 130 ýurtdan we çäklerden uniwersitetleriň 2526-sy görkezildi.
«THE Impact Rankings»-iň abraýly dünýä reýtinginiň sanawyna goşulmak isleýän ýokary okuw mekdepleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi dünýäniň uniwersitetleriniň durnukly ösüşi üpjün etmäge hem-de DÖM-iň gazanylmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinýändiklerini beýan edýär.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýä derejesinde ykrarnama mynasyp bolup, «THE Impact Rankings»-iň we beýleki abraýly dünýä reýtingleriniň sanawlarynda orunlary barha işjeň eýeleýärler. Bu bolsa ýurtda BMG-niň DÖM-ni gazanmak boýunça, şeýle hem umuman, ylym we bilim ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri olaryň ösüşiniň hilini we derejesini görkezýär, döwletde milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak hem-de türkmen ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdebaryjy ýokary mekdepleriniň hataryna goşmak boýunça baş wezipeleriň biriniň çözülmegine ýardam edýär.