Türkmenistanyň Germaniýadaky Konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly
30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Dabara Hessen federal ýeriniň Döwlet kansellariýasynyň wekilleri, maliýe institutlarynyň we bank düzümleriniň hünärmenleri, Hessende akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, medeniýet we ylmy jemgyýetçiligiň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy.

Türkmenistanyň konsuly öz çykyşynda ýurdumyzyň bitaraplyk derejesiniň geçen 30 ýylyň dowamynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň berk binýady bolup hyzmat edýändigini nygtady. Şeýle-de, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň sebitleýin howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ykdysady ösüşi üpjün etmekde hem-de döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi. Şeýle hem, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, häzirki wagtda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan parahatsöýüjiliklige esaslanýan döredijilikli halkara başlangyçlaryň ähmiýeti aýratyn bellenip geçildi.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara forumyň ähmiýeti hem aýratyn nygtaldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek bu forum halkara syýasatyň möhüm meseleleriniň, durnukly ösüşiň, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hem-de BMG-niň parahatçylyk ýörelgelerini berkitmekdäki bitarap döwletleriň ornunyň ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm meýdançasyna öwrüler.

Resmi çykyşdan soň Türkmenistanyň Garaşsyzlygy ýyllarynda gazanylan üstünlikleri hem-de ýurduň oňyn Bitaraplygynyň halkara derejesindäki ähmiýeti barada gürrüň berýän wideoşekil görkezildi.

Dabaraly kabul edişligiň çäginde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ähmiýeti we ýurdumyzyň halkara parahatçylyk döredijilik başlangyçlary barada pikir alyşdylar.

Kabul edişlikde myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlenildi.