RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Few

«EA çözgütleri» atly hakaton bäsleşigine gatnaşjaklar bellige alnyp başlandy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty «Emeli aň çözgütleri» («AI Solutions») atly hakaton bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär. Bäsleşik institut tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralýar. Çäräniň maksady emeli aň tehnologiýalaryny ulanmak, netijeli emeli aň taslamalaryny işläp düzmek we döretmek babatda ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekden hem-de olaryň täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermekden ybaratdy...

DOWAMY
pic
12 Few

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy. «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plena...

DOWAMY
pic
10 Few

Italýan dizaýnynyň gözellikleri görkezildi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen Italýan dizaýnynyň günleri öz işine başlady. Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur «IDOJI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italiýan arhitektory Serjio Ferrandini ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler. «Dizaýn – aragatnaşygyň serişdesi» atly okuw sa...

DOWAMY
pic
5 Few

Türkmen wekiliýeti Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 4–5-nji fewralynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  Foruma söwda, ykdysady, maýa goýum we tehnologik hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümet işgärleri we işewür wekilleri ýygnandylar. Çäräniň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň B5+1 form...

DOWAMY
pic
28 Ýan

Frankfurtda German-türkmen forumynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Maýn boýundaky Frankfurt şäheri) konsullygynda Türkmenistanyň konsuly Myrat Özbekbaýew bilen German-türkmen forumynyň başlygy, Germaniýanyň Kiçi we orta işewürler federal assosiasiýasynyň (BVMW) baş direktory Andreas Ýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşgyň barşynda taraplar türkmen-german hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary bilen bagly pikir alyşdylar. Şol bir wagtda, iki döwletiň arasy...

DOWAMY
pic
24 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasyny makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamasy boldy. Resminamanyň taslamasyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hödürledi. Maksatnama 2028-nji ýyla çenli niýetlenen häzirki zaman strategiýalara esaslanýar we ýurduň Döwlet býujeti bilen sazlaşyklydyr....

DOWAMY
pic
22 Ýan

Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň täze strategiýalary

Şu gün paýtagtymyzda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde saglyk we iýmitleniş” atly halkara maslahat geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda umumy tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir. Maslahata Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk boýunça guramasynyň (FAO), Ösüş maksatnamasynyň, beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Eýranyň, Russiýa...

DOWAMY