SOŇKY HABARLAR
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi
Türkmenistan çuňňur many-mazmuna, sebit we ählumumy ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrülmegini dowam etdirýär. Şeýle çäreleriň biri hökmünde 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ekologiýa sammiti geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan...
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi, oňa ilkinji gezek Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdy
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublika...
Türkmenistanyň Maýa goýum forumy Aşgabatda dowam edýär
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan guralýan forum döwlet düzümleriniň, halkara maliýe institutlarynyň we guramalarynyň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekillerini hem-de bilermenlerini gatnaşýarlar. Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň işi «Maýa goýum işjeňligi — ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy ş...
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ýokary derejeli hepdeliginiň çäginde geçirilen 81-nji sessiýasynyň umumy pikir alyşmalarynda çykyş etdi. W.Hajiýew öz çykyşynyň başynda Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan dünýä ýurtlarynyň halklaryna mähirli salamyny, şeýle-de parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Hemişelik wekil BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sess...
Türkmenistanyň DIM-nde Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, şeýle hem daşary ýurtlarda akkreditirlenen Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Halk Maslahatynyň mejlisini...
Türkmenistanyň DIM-nde döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärlerine Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurtda geçirilýän çäreleriň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle hem bir gün öň Aşgabat şäherinde türkmen...
Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şä...