RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Ýan

Türkmenistan Ýaponiýanyň maliýe institutlary bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi. «JETRO» guramasynyň  wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ös...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylym-bilim gatnaşyklarynyň gerimi giňeýär

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tsukuba Uniwersitetiniň Prezidenti K.Nagata we Soka Uniwersitetiniň Prezidenti M.Sudzuki bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda ikitaraplaýyn ylym we bilim, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň ähmiýetli meselelerine seredildi. Ýaşlar syýasaty babatynda maksatnamalaryň we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýraty...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginde geçirilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministri Ken Saýto bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmany beýan etdiler. Şunda uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti nygtalyp, bu babatynda taraplaryň syýasy erkiniň hem-de giň ykdysady mümkinçilikleriniň barlygyna üns çekildi. Duşuşykda himiýa zawodlarynyň,...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen geçirilen gepleşikler

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň işewürler jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini berkitmäge we onuň täze ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirildi. Türkmen tarapy energetika, mineral serişdeleriň özleşdirilmegi, himiýa senagaty we ulag ulgamlarynda taslamalaryň amala aşyrylmagy babatynda köpýyllyk taryha eýe bolan döwletara gatnaş...

DOWAMY
pic
23 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasi Hiýaşi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň ähmiýetli ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Daşary işler ministri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynd...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň nebit ministri Jawad Owjiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde häzirki meseleler we energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Eýranyň degişli edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary artdyrmakda özara gyzyklanma bildirildi. Şeýle hem iki dostlukly ýurduň energetika ulgamyndaky mümkinç...

DOWAMY
pic
19 Ýan

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministrini kabul etdi

2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň nebit ministri Jawad Owjini kabul etdi. J.Owji Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Liderine Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýokary derejede alnyp barylý...

DOWAMY